Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy

09:0316.09.2022
0
17905

Habar berşimiz ýaly, düýn Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi. Maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, DTYB-nyň daşary ýurtly agzalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy Nassery Han Muhammet, Türkiýe Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy Çapar Ibrahim, Saud Arabystany Patyşalygyndan birleşigiň şahsy agzasy Nur Han Abdul Eziz, Owganystan döwletinden birleşigiň şahsy agzalary Kurban Ghulam Nabi hem-de Kurban Neiaz Şir Mohammad, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Atajan Burunow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Akmämmet Akmämmedow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň müdiri, professor Baýramdurdy Taýharow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejep Bazarow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň