Arhiw

Pakistandan Serdar Berdimuhamedowa hat gelip gowuşdy

21:4906.09.2022
0
16334

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Pakistan tarapyndan hat gelip gowuşdy. Onda Türkmenistanyň Hökümetiniň tebigy betbagtçylyk zerarly Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hatda iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy-medeni kökleriniň bardygy bellenilýär. Türkmen doganlarynyň kömeginiň şu kyn döwürde uly ähmiýete eýedigi nygtalýar hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uly üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk hem rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň