Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de bu döwletiň Premýer-ministri Miýan Muhammed Şahbaz Şerife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi. Ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Maglumat hökmünde bellesek, Pakistanda uzak wagtlap dowam eden musson ýagyşlarynyň netijesinde dörän güýçli çabgalardan heläk bolanlaryň sany 1 müňden geçdi, olaryň 300-den gowragy çagalardyr. Soňky maglumatlara görä, iýundan bäri 1033 adam heläk boldy, häzirki wagtda sil joşgunlary sebäpli 330 müňden gowrak adam ýurduň Haýber-Pahtunhwa ülkesinden göçürildi.
Howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça ministrliginiň ýolbaşçysy Şerri Rahman sil joşmalary bilen bagly ýagdaýy çynlakaý howa heläkçiligi hökmünde häsiýetlendirdi. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, ýollaryň 3 müň kilometri, 129 köpri harap boldy, 500 müňden gowrak öý mallary pida boldy. BMG-niň Haýyr-sahawat meselelerini utgaşdyrmak boýunça edarasynyň maglumatlaryna görä bolsa, Pakistanda iýunyň ortalaryndan bäri silden 2,3 million adam ejir çekdi, öýleriň 95 müňden gowragy ýumruldy.