Türkmenistan Pakistana ynsanperwer kömegini iberýär

21:4102.09.2022
0
26900

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly Pakistan halkyna ynsanperwer kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwer kömek hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Daşary işler ministrligine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji awgustda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de bu döwletiň Premýer-ministri Miýan Muhammed Şahbaz Şerife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Halkara habarlarynda beýan edilişi ýaly, Pakistanda uzak wagtlap dowam eden musson ýagyşlarynyň netijesinde dörän güýçli çabgalardan, sil suwlaryndan heläk bolanlaryň sany 2 müňe golýalaýar. Ilatyň köp bölegi ýurduň Haýber-Pahtunhwa ülkesinden göçürildi. Howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça ministrliginiň ýolbaşçysy Şerri Rahman sil joşmalary bilen bagly ýagdaýy çynlakaý howa heläkçiligi hökmünde häsiýetlendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň