Arhiw

Astrahandaky türkmen konsuly Hazar media forumyna gatnaşar

17:5506.09.2022
0
11576

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 8 – 11-nji sentýabrynda Hazarýaka ýurtlaryň žurnalistleriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde Hazar media forumy geçiriler.

TASS habarlar agentliginiň Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkiniň sözlerine salgylanyp berýän habaryna görä, nobatdaky media foruma Hazarýaka ýurtlaryň ählisinden, şeýle-de Belarusdan we Moldowadan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli Russiýanyň 17 sebitinden we 6 ýurtdan 300-den gowrak wekil media forumyň web sahypasynda hasaba alyndy, olaryň arasynda baş redaktorlar we dünýäniň 50-den gowrak iri habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem bar.

Gubernatoryň habar berşi ýaly, ýedinji gezek geçirilýän foruma Türkmenistanyň adyndan Astrahandaky türkmen konsuly wekilçilik eder.

Media forum baý maksatnamany öz içine alýar. Onuň çäklerinde 2-nji sentýabrda badalga alan «Opera First — 2022» festiwalynyň dabaralary geçiriler. Şeýle-de 5 döwletiň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda «Russiýanyň güni» we Hazarýaka ýurtlaryň günleri mynasybetli tematiki konsertler guralar. Bu festiwal gala konserti bilen tamamlanar. Onda dünýä belli opera ýyldyzlary, Hazarýaka ýurtlaryň bilelikdäki orkestri çykyş eder. Şeýlelikde, bu konsert festiwalyň we media forumyň jemlenmesine öwrüler.

Festiwalyň çäginde «Türkmenistan güni» atly konsert 7-nji sentýabrda geçiriler. Opera aýdymçysy Darýa Huseýinowa we pianinoçy-sazanda Mämet Guseýinow türkmen kompozitorlary Jeren Gurbangylyjowanyň, Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Daňatar Öwezowyň we Röwşan Nepesowyň eserlerini ýerine ýetirerler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň