Moskwada ahalteke atlaryň «Russiýanyň kubogy — 2022» atly gözellik sergisi geçiriler

11:2628.08.2022
0
25975

17-nji sentýabrda Moskwa şäherindäki HHGSJ-ndaky (Halk hojalygynda gazanylanlaryň sergiler jaýy) Milli atçylyk däpleri merkezinde «Bedewleriň bir aýlygy» festiwalynyň çäklerinde arassa tohumly ahalteke atlaryň «Russiýanyň kubogy — 2022» atly gözellik sergisi geçiriler. Bu barada HHGSJ-nyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Ahalteke bedewleri dünýädäki iň gadymy we owadan tohumlaryň biridir. Alymlar ahalteke atlarynyň, takmynan, 5 müň ýyl ozal häzirki Türkmenistanyň çäginde ösdürilip ýetişdirilendigini we olaryň dünýäniň beýleki naýbaşy at tohumlarynyň ösüşine öz täsirlerini ýetirendiklerini belleýärler.

Gözellik sergisiniň dowamynda Russiýanyň dürli künjeklerinden gelen iň oňat atşynaslar we atçylyk fermalary öz atlaryny HHGSJ-nyň Milli atçylyk däpleri merkezinde görkezilişe çykararlar. Şunuň bilen baglylykda, festiwalyň myhmanlary ahalteke bedewleriniň gözelligini synlamaga mümkinçilik alarlar.

MADM — atçylyk sporty, atşynaslyk bilimleri, medeniýet, atçylyk we syýahatçylyk boýunça gazanylanlary özünde jemleýän ajaýyp mesgen bolup durýar. Bu merkez 2022-nji ýylyň maý aýynda myhmanlara ilkinji gezek gapylaryny açdy. Merkez açylaly bäri bu ýerde atçylyk sungatynyň we sportunyň VI Moskwa açyk festiwaly, atyň üstündäki oýunlar boýunça Russiýanyň kubogy, konkur boýunça «BitRiver» kubogy we beýleki gyzgalaňly ýaryşlar guraldy.

HHGSJ-da atçylyk pawilýonlarynyň binalary atlaryň ähli tohumlaryny görkezilişe çykarmak maksady bilen, 1954-nji ýylda döredildi. Mundan başga-da, «Bedewleriň bir aýlygy» atly festiwalyň myhmanlary MADM-niň pawilýonlarynda atçylygyň taryhy, häzirki zaman athanalarynyň gurluşy we at saklamagyň düzgünleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň