Soňky habarlar

Arhiw

«MNG Airlines» kompaniýasynyň uçary tehniki maksatlar üçin Türkmenabadyň howa menziline gondy, Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi, türkmen türgenleri Yslam raýdaşlygy oýunlarynda medallara mynasyp boldular

11:2713.08.2022
0
8435

1. 10-nji awgustda Türkiýäniň «MNG Airlines» kompaniýasynyň uçary Türkmenabat Halkara howa menziline gondy. Şertnamanyň çäklerinde howa gämisine ähli zerur bolan tehniki hyzmatlar edildi we awiaýangyç bilen dolduryldy.

2. Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy kabul edişlige ýazylmak üçin täze düzgünleri girizdi.

3. Türkmenistanda Hazar deňziniň güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birnäçe çäreler bilen bellenildi. Sergä gatnaşyjylar Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

4. Hazar deňziniň demirgazyk böleginde deňizde heläkçilige uçran adamlary gözlemek we halas etmek, deňiz heläkçiliginiň netijelerini we nebit önümleriniň galyndylaryny aradan aýyrmak boýunça toplumlaýyn halkara okuw türgenleşigi tamamlandy. Okuw türgenleşigine Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň halas ediş toparlary gatnaşdylar.

5. Ýakyn aýlarda Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda 62 sany dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanar. Täze jaýlar 90 gektardan gowrak meýdany eýelemek bilen, Köşi köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaý toplumyna ýanaşyk ýerleşýärler.

6. Türkmenistanda TASS habarlar agentliginiň wekilhanasy açyldy. Moskwadan iberilen ýörite habarçy Aşgabatda eýýäm işe girişdi. Türkmenistanda TASS habarlar agentliginiň wekilhanasynyň açylmagy ýurduň syýasy, ykdysady, medeni, ylmy we sport dumuşy hakynda rus, türkmen, şeýle hem daşary ýurtly okyjylaryň has baý maglumat almaklaryna itergi berer.

7. Beýik Britaniýada seýrek duş gelýän žiraf doguldy. Rotşild atly žirafyň çagasy Beýik Britaniýanyň haýwanat baglarynyň birinde dünýä indi. Oňa Ugandanyň adybir dagynyň iň beýik depesiniň hormatyna Stenli diýip at goýdular. Afrikanyň bu ýurdunda haýwanat dünýäsiniň goragçylarynyň tagallalary bilen žiraflaryň sany barha köpelýär.

8. Russiýaly pälwan Ruslan Pustowoý 120 tonnalyk otlyny eli bilen çekip, dünýä rekordyny goýdy. Pustowoý Russiýanyň pälwanlar assosiasiýasynyň taryhyndaky iň güýçli pälwan hasaplanýar.

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri Türkiýede geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ilkinji 3 medalyny gazandylar. Türkmen toparynyň düzüminde ilkinji bolup agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa tapawutlandy. Ol 49 kg çenli agram derejede bürünç medala mynasyp boldy.

10. Jumabaýewanyň yzy bilen Kristina Şermetowa 55 kg çenli agram derejede kümüş medala eýe boldy.

11. Grek-rim göreşi boýunça 63 kg çenli agram derejede bürünç medaly eýelän Azatjan Açylow milli ýygyndymyzyň hatarynda ýeňiş gazanan üçünji türgen boldy.

12. Türkmenbaşy şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň çempuionaty – 2022-niň 3-nji tapgyrynyň esasy duşuşygy tamamlandy. Onda «Şagadam» we «Altyn asyr» deňme-deň hasabynda oýnadylar (1:1).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň