Arhiw

Türkmenistanda TASS habarlar agentliginiň wekilhanasy açyldy

14:5812.08.2022
0
12667

Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň TASS habarlar agentliginiň wekilhanasy açylyp, 9-njy awgustda onuň habarçysy Aşgabatda işe başlady. Russiýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanda TASS-nyň wekilhanasynyň açylmagy rus-türkmen gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge kömek eder diýip belleýär. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň çaphana we maglumat departamentiniň direktorynyň orunbasary Iwan Neçaýew habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar. Şonuň çäklerinde Türkmenistanda TASS habarlar agentliginiň ilkinji wekilhanasynyň açylmagy hyzmatdaşlygyň taryhynda täze waka boldy. Şeýlelikde, bu meşhur habarlar agentliginiň habarçysy Aşgabatda işe başlady. Bu waka Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat geldi.

Neçaýewiň pikiriçe, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňlik we birek-birege hormat goýmak bilen häsiýetlendirilýän strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanda TASS-nyň wekilhanasynyň açylmagy rus, türkmen, şeýle hem daşary ýurtly okyjylaryň ýurduň syýasy, ykdysady, medeni, ylmy, sport durmuşy baradaky habarlylygyny has-da ýokarlandyrar. Maglumat giňişliginde şeýle hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň arasynda däp bolan gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň