Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy

18:1512.08.2022
0
5219
Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy

Türkmenistanly agyr atlekaçy Kristina Şermetowa Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda 55 kg agram derejesinde çykyş etdi.

Kristina birbada götermekde 89 kg agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Itekläp götermekde bolsa (105) kümüş medal gazandy.

Ol umumylykda 194 kg götermegiň hötdesinden gelip, (89+105 kg) kümüş medal gazandy.

Indoneziýaly Natasýa Beteýob 195 kg bilen (84+111 kg) altyn, eýranly Poupak Basami 165 kg bilen (71+94 kg) bürünç medala mynasyp boldy.

Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň