«Decakila» brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri hojalyk tehnikalaryny hödürleýär

10:2823.07.2022
0
17032

Hytaýyň aşhana, otaglar, gözellik hem-de saglyk üçin niýetlenen tehnikalary öndürýän «Decakila» brendiniň Türkmenistandaky resmi wekili alyjylary Aşgabat şäherindäki dükanyna gelip görmäge çagyrýar.

Dükandan öý-hojalyk şertleri üçin mikrotolkun peçleriniň, ütükleriň, elektrik çäýnekleriň we et üweýji maşynlaryň, blenderleriň, kofe maşynlaryň we aşhanada zerur bolan beýleki harytlaryň köp sanly görnüşlerini tapmak bolýar.

«Decakila» dükany bulardan başga hem saglyk we gözellik üçin özboluşly tehnikalary, şol sanda erkekler üçin trimmerleri, elektrik sakgal syryjy enjamlary, şeýle-de zenanlar üçin saçlary timarlaýjy enjamlary ýetirýär.

Dükanyň hili kepillendirilýän harytlaryny amatly bahalardan satýandygyny bellemek gerek.

Aşgabat şäherindäki «Decakila» dükanynda bar bolan öý-hojalyk tehnikalary we enjamlary bilen tanyşmak ýa-da gerekli bolan harydy satyn almak üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Peýkam» binasy.

Dükanda müşderilere hödürlenilýän harytlaryň ählisine 1 aýdan 6 aýa çenli möhlet bilen kepillik berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44, (+993 62) 32 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň