Top.Mail.Ru

Arhiw

«Ak gaýa» dükanlar toruna laklaryň we reňkleriň täze tapgyry geldi

09:5606.07.2022
0
5117

Öýler we ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen gurluşyk materiallarynyň dükany bolan «Ak gaýa» dükanlar tory türk, rus we hytaý öndürijileriniň dürli hilli boýaglaryny we lak materiallaryny alyjylar köpçüligine ýetirýär.

Dürli hili düz ýerler we diwarlar üçin boýaglardyr laklar, üstüni ýetiriji düzümler, şol sanda bezeg görnüşleri üçin dürli reňkler abatlaýyş işlerini mümkin boldugyndan netijeli etmäge ýardam berer.

Dükanlarda daşky ýa-da içki abatlaýyş işleri üçin agaç, metal, beton, agaç ýüzlerini örtmek üçin laklar, gorag üstüni ýetiriji düzümler üçin ýalpyldawuk we öwüşginsiz görnüşli alkid, sintetik boýaglar we emallar bar.

«Ak gaýa» dükanlarynyň tejribeli satyjylary tüýs siziň özüňize gerek bolan iň amatly boýaglary, lak ýa-da gorag düzümlerini saýlamakda maslahat bermäge we bu ugurda ýardam bermäge hemişe taýýardyrlar.

«Ak gaýa» dükanlarynyň salgylary:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: +(993 65) 57 55 55, +(993 65) 41 10 10;
  • Aşgabat ş., 2127-nji köçe (G.Kulyýew köçesi), 40-njy jaý (Ak gaýa), telefon belgileri: +(993 65) 57 57 57, +(993 65) 75 43 75, +(993 64) 66 44 88;
  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, Ak Tam bazary, 1-2nji dükanlar, telefon belgileri: +(993 65) 54 62 32, +(993 62) 82 22 20.

Şeýle-de alyjylara ýetirilýän lak we boýag harytlary dükanyň sosial media sahypasynda hem elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň