Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda operetta agşamy geçiriler

09:1523.05.2022
0
7765

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 29-njy maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçiriljek «Ah operetta, operetta...» atly konserte tomaşa etmäge çagyrylýar.

Konsert agşamynyň meýilnamasyna laýyklykda, onda dünýä ýüzünde meşhur operettalar birnäçe tapgyrda ýerine ýetiriler. Konsertde Wera Bazarowa (soprano), Adelina Nazarowa (soprano), Zamir Aliýew (bariton), halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Stella Faramazowa (fortepiano) hem-de Begen Moşiýew (tenor) ýaly aýdymçy-sazandalar çykyş ederler.

  • Konsert 19:00-da başlanar.
  • Konserte gatnaşmaga petekleri satyn almak üçin şu telefon belgiler arkaly ýüz tutup bilersiňiz: (993) 61868883; (993) 63379655; 492658; 492100.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň