Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň 2 sany çagalar sungat mekdebiniň — Aşgabadyň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň uçurymlarynyň işleriniň sergisi guraldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň habar bermegine görä, bu sergide tanyşdyrylan eserler ýokary döredijilik ussatlygy hem-de mowzuklarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.
Sergi dogrusynda Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory G.Amanowa şeýle belleýär:
«Her ýylda okuwymyzyň uçurymlary bilen hoşlaşanymyzda ýüregimizde biygtyýar gaýgyny duýýarys. Şägirtlerimizi özbaşdak täze bir ýola ýollamak bilen, olaryň geljekde saýlap alan hünärleri hem-de okuw mekdebimizde öwrenen zatlary boýunça ussat sungat işgärleri, şeýle-de ýagşy häsiýetli adamlar bolup ýetişjekdigine umyt bildirýäris».