Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň paýtagtynda «Ölmez-ýitmez polk» dabarasy geçirildi, Russiýanyň ilçihanasynda weteranlaryň dabaraly kabul edilşigi guraldy, mekgejöweniň esasynda Alsgeýmer keseline garşy «waksina» döredildi we beýleki habarlar

09:2410.05.2022
0
11693

1. A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hormatyna «Ölmez-ýitmez polk» çäresi geçirildi. Mekdep okuwçylary urşa gatnaşyjylaryň suratlary bilen mekdebiň binasynyň daşyndan dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

2. Aşgabat şäherinde ýerleşýän Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Ýygnanlary gutlamak bilen, Russiýanyň ilçisi Aleksandr Blohin wepat bolanlaryň her biriniň häzirki günde biziň parahat durmuşda, dostlukly we ylalaşykly ýaşamagymyz üçin esasy gymmatlygyny gurban berendigini ýatlatdy.

3. Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärlerine iki sany ýokary amatlykly täze awtobuslar sowgat berildi.

4. Ýelim gatlakly polipropilen örtüginiň önümçiligi bilen meşgullanýan «Berk önüm» hususy kärhanasy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär. «Berk önümiň» harytlary ýokary hili bilen tapawutlanýar we sarp edijiler tarapyndan uly islegden peýdalanýar.

5. Türkmenistanda Halkara çärelerini geçirmek we maliýeleşdirmek Gaznasy döredildi. Bu gurama Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde esaslandyryldy.

6. Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary Kazan şäherinde geçirilýän «Kalbyň owazy» («Мелодия души») atly halkara onlaýn-bäsleşiginde ýeňiji boldular. Türkmenistanly talyplar eminler toparyndan ýokary baha alyp, 352 gatnaşyjynyň arasyndan iki sany birinji we iki sany ikinji orna mynasyp boldular.

1. Kazan uniwersitetiniň hünärmenleri mekgejöwenden alnan belogyň esasynda Alsgeýmer keseline garşy «waksina» döretdiler. Gemrijilerde geçirilen kliniki barlaglar täze dermanyň bu keseliň dörejek wagtyny yza süýşürip ýa-da döremeginiň öňüni alyp biljekdigini görkezdi.

2. Şazada Wilýam we Keýt Middlton Karib adalaryna bolan şowsuz syýahatdan soň şalyk derejesinden el çekmek barada pikirlendiler. Şa maşgalasy adamlara has ýakyn bolmak we köp sanly dessurlardan çetleşmek isleýär.

1. Türkmenistanyň «Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ýaryşlaryny göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirmegini dowam edýär. Bu hepdede futbol janköýerlerine 13 sany özüne çekiji oýun garaşýar, olar türkmen teswirleýjileriniň alyp barmagynda ýaýlyma berler. Italiýanyň çempionatyny, ýagny çempionlyga esasy dalaşgärler «Milan» we «Inter» toparlarynyň «Skudettonyň» ykbalyny çözjek duşuşygyna tomaşa etmegi maslahat berýäris.

2. «Abdyş-Ata» futbol toparynyň türkmen derwezebany Rahat Japarow Gyrgyzystanyň çempionatynda gol geçirtmedik duşuşyklarynyň sanyny bäşe ýetirdi. Onuň topary öz meýdançasynda Bişkegiň «Dordoý» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykyp, bäsleşigiň sanaw tagtasynda öňdeligini saklap gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň