Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi

21:1409.05.2022
0
9870

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurtda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çärelerini geçirmegiň Gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Şeýle hem resminama bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň