Türkmen agyr atletikaçylary ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşýar

11:3603.05.2022
0
5572

2 — 10-njy maý aralygynda Heraklionda (Gresiýa) Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty geçirilýär.

Bu bäsleşige türkmen agyr atletikaçylary hem gatnaşýar. Gresiýadaky ýygyndynyň “TürkmenSport”-a beren habaryna görä, toparda 4 oglan we 4 gyz bar. Tälimçiler Mansur Rejepow, Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda çykyş ejek agyr atletikaçylarymyzyň arasynda Atajan Daýyýew (+109 kg), Bektimur Reýimow (73 kg), Gaýgysyz Töräýew (73 kg), Ýazmämmet Annalyýew (81 kg) ýaly tanalýan pälwan oglanlar bar.

2021-nji ýylda Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty Daşkende geçirildi.

Bu barada "Türkmensport" habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň