Turkmenportal logo
27.04.22
1323513235
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa — Türkmenabat ugry boýunça ýörite howa gatnawyny amala aşyrar

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.


Biz «Turkmenportal» web saýtymyzda mundan ozal Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça, şeýle-de Turkish Airlines awiakompaniýasynyň 1-nji maýda Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini habar beripdik.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 29-njy aprelde Moskwa — Türkmenabat ugry boýunça guraljak ýörite uçardan Russiýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary peýdalanyp bilerler.