Turkmenportal logo
27.04.22
70897089
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada Elektron kitaplaryň muzeýi açyldy
Surat: rgub.ru

Russiýanyň döwlet kitaphanasynda ýaşlar üçin Elektron kitaplaryň muzeýiniň açylyşy boldy. Bu ýerde myhmanlara ýetirilýän hemişelik sergi eserleri maglumat göterijileriň we bilim geçirijilik usullarynyň taryhyny özünde şöhlelendirýär.



Umuman alnanda, sergide birnäçe bölüm bolup, olaryň her biri maglumat göterijileriň ösüş taryhynyň belli bir tapgyryny görkezýär. Serginiň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, muzeýdäki eksponatlar takmynan 15 ýylyň dowamynda toplandy. Muzeýiň esasy eksponaty 1928-nji ýylda döredilen «Remington» ýazuw maşynkasy hasaplanýar. gazeta.ru saýtynyň habar bermegine görä, muzeýiň iň çylşyrymly gymmatlyklarynyň biri «Amazon» tarapyndan öndürilen ilkinji «Kindle» elektron kitap okalýan enjamydyr.