Russiýa we Hindistan söwdany ýakyn geljekde milli pullarda giňeldip bilerler. Bu barada RF-niň bu ýurtdaky ilçisi habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.
“Hindiler üçin günbatarly hyzmatdaşlaryň terk edenini hasaba alanyňda, biziň bazarymyzda uly mümkinçilikler açylýar” diýip, ilçi Denis Alipow “Rossiýa-24” teleýaýlymyna beren interwýusynda belläpdir.
Öň Russiýanyň DIM-niň başlygy Sergeý Lawrow Russiýanyň Hindistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirjekdigini we energetika, derman önümçiligi we kosmos pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini mälim edipdi.