Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýa hödürlendi

10:2930.03.2022
0
10323

Aşgabatda gibrid görnüşinde geçirilen iki günlük sebitleýin seminarda «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýa hödürlendi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Bu seminary, «Lapis-Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky ylalaşyga gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäklerinde onuň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň işlenilip düzülmeginiň boýunça ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi gurady.

Seminara «Lapis-Lazuli» ylalaşygyna gol çeken dört sany ýurduň: Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň altmyşdan gowrak wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» Halkara ulag geçelgesiniň (TRASEKA) Hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary, Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylyşyna ýardam bermek Maksatnamasynyň ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän 3-nji Komponentiniň ýolbaşçysy, ÝHHG-niň bilermenleri gatnaşdylar we olar söwda hem-de ulag ulgamyna ýardam bermek babatyndaky öňdebaryjy tejribelerini beýan etdiler.

Ylalaşyga gol çeken dört ýurduň wekilleri strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň üstüniň ýetirilmegi boýunça pikirleri hem-de teklipleri alyşdylar. Merkez milli gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagynda durmuşa geçirilýän hem-de şol bir wagtda milli eýeçilikleri bolup durýan ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň milli ösüş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kemala getirilmegi maksady bilen, strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň üstünde işlemek amallaryna ýardam berer.

Çeşmäniň habar bermegine görä, seminara gatnaşyjylar «Lapis-Lazuli» geçelgesi boýunça hyzmatdaşlaryna olaryň ulag hem-de üstaşyr mümkinçilikleriniň doly göwrümde durmuşa geçirilmegine goldaw bermek boýunça geljekki hereketleri kesgitlediler.

Ýadyňyzda bolsa mundan öň, Aşgabatda Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçirijiligini we logistikany ösdürmek boýunça maslahat geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň