Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarly Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanýan ýerine barýarka, ýolugra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady.
Häzirki döwürde daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm dowam edýär. Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine guramaçylykly girişildi. Şu günler ähli ýerde bolşy ýaly, bu ýeriň ekerançylyk meýdanlarynda-da ýaz-meýdan işleri batly depginde alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýerleri şüdügärlemek, tekizlemek we suwaryş akabalaryny arassalamak işleri ýeralmanyň ekişi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlarynyň ýerden ýokary hasyl almaga yhlasynyň barha artýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler toplumlaýyn esasda dowam edýär.
Döwlet Baştutanynyň dikuçary Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň başlanýan ýerinde gondy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, täze awtomobil ýolunyň gapdalyndaky ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Milletiň Lideri Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşigine degişli ýerde ýeralma ekişini geçirýän mehanizator we kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş boldy.
Etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň mehanizatory M.Geldiýew döwlet Baştutanyna bu ýerde alyp barýan işi, ýeralmany ekmegiň özboluşly aýratynlyklary we häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň öndürijilik kuwwaty barada gürrüň berdi.
Milletiň Lideri mehanizatoryň iş-durmuş şertleri, onuň aýlyk gazanjy bilen gyzyklandy we döwletimiziň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşlerine ähli zerur goldawlary berýändigi, halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň gowulanmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigi barada aýtdy.
2016-njy ýyldan bäri mehanizator bolup işleýän M.Geldiýew özleriniň netijeli işlemekleri ugrunda döredilýän ýokary derejeli mümkinçilikler we zerur amatlyklary bolan kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli satyn alynýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine ähli mehanizatorlaryň adyndan sagbolsun aýtdy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde işleýän kärendeçi O.Ýagmyrow bilen gürrüňdeşlikde onuň maşgala we iş ýagdaýy hem-de zähmet öndürijiligi we döredilýän mümkinçilikler, kärendeçileriň üpjünçilik derejesi bilen gyzyklandy.
O.Ýagmyrow 12 ýyldan bäri şu daýhan birleşikde kärendeçi bolup işleýändigi, özüne berkidilen 5 gektar ýerden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalary edýändigini belledi. Şeýle hem daýhan şu ýyl bu ýeri ýeralma ekmek üçin taýýarlandygyny, ýeralmanyň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýerli “Gala” görnüşiniň ekilýändigini habar berdi.
Döwlet Baştutany häzirki döwürde oba hojalyk ulgamynda işlemegiň täzeçil usullarynyň ulanylýandygyny, pudaga ylmyň täze gazananlarynyň, dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygyny belledi. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşüp, mehanizatora eken tohumynyň müňlemegini arzuw etdi. Mehanizator milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we halkymyzyň saçaklarynyň berekedine öwrüljek ýeralmanyň ekişini dowam etdi.