Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli Express» programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna haryt sargyt etmäge kömek edýär

15:5404.02.2022
0
24750

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň topary 2021-nji ýylyň noýabr aýynda «Gerekli Express» programmasynyň işe girizilendigini yglan edeninden soň, müşderiler diňe bir gerekli.tm web sahypasynyň sanawynda bar bolan harytlary däl-de, eýsem ýurdumyzyň beýleki internet dükanlaryndan hem özleriniň islän önümlerini öňünden sargyt edip satyn almak mümkinçiligine eýe boldular.

Müşderi «Gerekli Express» programmasynyň esasynda haryt sargyt etmeklik üçin özüne zerur bolan önüm barada (ady, modeli, enjamyň aýratynlyklary, reňki/ululygy we ş.m.) dogry we anyk maglumatlary, şeýle hem aragatnaşyk maglumatlaryny gerekli.com.tm web sahypasynyň operatorlarynyň telefon belgisine ýa-da elekron salgysyna ibermeli. Sargydyňyzy tassyklamaklyk üçin isleýän önümiňiziň jikme-jik beýany barada çap edilen resminama ýa-da elektron hat talap edilip bilner

«Gerekli Express» programmasy boýunça sargytlar harydyň (ýa-da harytlaryň) bahasy 3000 manat ýa-da ondan hem köp bolan ýagdaýynda kabul edilýär. Müşderi sargyt mukdarynyň 30 göterimini nagt ýa-da bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde öňünden tölemeli bolar.Elektron poçta sargydyň kabul edilendigini tassyklamak üçin hasap-harytsanawy (sçýot-faktura), şeýle hem öňünden töleg üçin niýetlenilen hasap-harytsanawy (sçýot-faktura) iberiler. Ýazmaça tassyklamada görkezilen talaplar ýerine ýetirilmedik ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda deslapky töleg yzyna gaýtarylyp berilmez.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy köp sanly sarp ediş harytlaryny – azyk önümlerini, öý goşlaryny, tämizleýji serişdeleri, elektronika enjamlary, egin-eşiklerdir aýakgaplary we ş.m. önümleri hödürleýär. Bu internet dükany pagtagtymyz Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli sebitlerine eltip berme hyzmatyny amala aşyrýandygyny kepillendirýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynda her hepdäniň çarşenbe güni «Gerekli gün» aksiýasy hem geçirilýär. Mundan başga-da, bu internet dükanda adaty müşderiler üçin bal toplamaga we 100 bal gazanylan ýagdaýynda 100 TMT mukdarda haryt satyn almaga, sargyt edilen önümiň bahasynyň 100% -ini ýeterlik bal bilen töläp tölemäge mümkinçilik berýän wepalylyk programmasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň