Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükany Türkmenistanda islendik önümiň eltip berme hyzmatyny «Gerekli Express» programmasy boýunça amala aşyrýar

17:2216.11.2021
0
12986

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy müşderilerine hyzmatyň täze görnüşini hödürleýär: «Gerekli Express» programmasy – diňe gerekli.com.tm web sahypasynyň sanawynda bar bolan harytlary däl-de, eýsem ýurdumyzyň beýleki internet dükanlarynyň harytlaryny hem öňünden sargyt etmek mümkinçiligidir.

Müşderi «Gerekli Express» programmasynyň esasynda haryt sargyt etmeklik üçin özüne zerur bolan önüm barada (ady, modeli, enjamyň aýratynlyklary, reňki/ululygy we ş.m.) dogry we anyk maglumatlary, şeýle hem aragatnaşyk maglumatlaryny gerekli.com.tm web sahypasynyň operatorlarynyň telefon belgisine ýa-da elekron salgysyna ibermeli. Sargydyňyzy tassyklamaklyk üçin isleýän önümiňiziň jikme-jik beýany barada çap edilen resminama ýa-da elektron hat talap edilip bilner

«Gerekli Express» programmasy boýunça sargytlar harydyň (ýa-da harytlaryň) bahasy 3000 manat ýa-da ondan hem köp bolan ýagdaýynda kabul edilýär. Müşderi sargyt mukdarynyň 30 göterimini nagt ýa-da bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde öňünden tölemeli bolar.Elektron poçta sargydyň kabul edilendigini tassyklamak üçin hasap-harytsanawy (sçýot-faktura), şeýle hem öňünden töleg üçin niýetlenilen hasap-harytsanawy (sçýot-faktura) iberiler. Ýazmaça tassyklamada görkezilen talaplar ýerine ýetirilmedik ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda deslapky töleg yzyna gaýtarylyp berilmez.

Harytlar iki-üç hepdäniň içinde eltilip berler (Sargyt edijiniň ýaşaýan ýeriniň daşlygy ýa-da ýakyndygy bilen baglanyşykly, ýagdaýa görä eltip berme hyzmatynyň möhletiniň üýtgemegi mümkin). Harytlaryň bahasynyň galan bölegi sargydy iberijiniň çaparyna (kurýerine) nagt ýa-da töleg terminalyna bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşde tölenip bilner. Harytlaryň yzyna gaýtarylmagy diňe ýazmaça tassyklamada görkezilen talaplara laýyk gelmedik ýagdaýynda mümkindir.

«Gerekli» internet dükany köp sanly sarp ediş harytlaryny – azyk önümlerini, öý goşlaryny, tämizleýji serişdeleri, elektronika enjamlary, egin-eşiklerdir aýakgaplary we ş.m. önümleri hödürleýär. Şeýle hem her çarşenbe güni «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynda «Gerekli gün» aksiýasynyň geçirilýändigini aýratyn bellemelidiris. «Gerekli gün» aksiýasy «Gerekli» internet dükanynda satylýan birnäçe önümi 50 göterime çenli arzanladyş bilen satyn almaga mümkinçilik döredýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň arzanlaşyk yglan edilen önümleri hepdede täzelenýär. Mundan başga-da, gerekli.com.tm web sahypasy wagtal-wagtal amatly şertlerde örän köp teklip hödürleýär.

«Gerekli» internet dükany pagtagtymyz Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli sebitlerine eltip berme hyzmatyny amala aşyrýandygyny kepillendirýär.

«Gerekli» internet dükany Aşgabat şäheri üçin eltip berme hyzmatyny 20 manatdan, sargyt mukdary 200 manatdan köp bolan ýagdaýynda bolsa muzdsuz (tölegsiz) ýerine ýetirýär.

«Gerekli» söwda meýdançasy ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli sebitlerine eltip berme hyzmatyny 50 manatdan, sargyt mukdary 1500 manat ýa-da ondan hem köp bolan ýagdaýynda bolsa bolsa muzdsuz (tölegsiz) amal edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň