Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan sergi guraldy

10:3804.02.2022
0
5899

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň we halypa suratkeşleriň gatnaşmaklarynda «ÝUNESKO: Parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly sergi işleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Serginiň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de Halkara hyzmatdaşlyk guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewiň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň dürli ýyllarda döreden nakgaş eserleri görkezildi.

Şeýlede okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň