Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky telekeçilere hasaplaşyk-kassa amallaryny geçirmek üçin dürli hyzmatlary hödürleýär

13:0423.12.2021
0
10553

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hojalyk-täjirçilik işini amala aşyrmak we pul serişdelerini toplamak üçin ýuridiki şahsy döretmeýän telekeçilere şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

  • Hasaplaşyk hasabyny açmak;
  • Nagt däl amallary geçirmek;
  • Telekeçilik kartlaryny doldurmak;
  • Hasaplaryň beýleki görnüşlerini açmak;
  • Müşderileriň hasaplary boýunça göçürmeleri bermek;
  • Özara hasaplaşyk amallaryny geçirmek;
  • Müşderileriň ýüztutmasy boýunça töleg tabşyryklaryny ýerine ýetirmek;
  • Akkreditiwleri açmak;
  • Müşderiniň hasabyna pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy hakynda pasport amallaryny resmileşdirmek.

Hyzmatlaryň bu görnüşleri bilen baglanyşykly ähli soraglar üçin Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň baş edarasyna we şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz, şeýle hem bankyň resmi saýtynda giňişleýin maglumaty alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň