Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky býujet töleglerini tölemek üçin hyzmaty hödürleýär

10:3329.11.2021
0
13405

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryndan peýdalanyjylar üçin býujet töleglerini tölemek hyzmatyny hödürleýär.

Bu hyzmat bilen bankyň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Bu hyzmat arkaly raýatlar ýaşaýan ýerine ýazgy üçin töleg, PÝGG-niň (Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy) jerimesi, PÝGG-niň wideo jerimesi, PÝGG-niň el wideo jerimesi, ýarag üçin töleg, ogullyga almak hakynda şahadatnama, atasynyň adyny almak hakynda şahadatnama, nika hakynda şahadatnama, nikany bozmak hakynda şahadatnama, familiýany çalyşmak hakynda şahadatnama, dogluş şahadatnamasy, ölüm hakynda şahadatnama üçin, ýangyn howpsuzlygy üçin jerime, pasport üçin jerime, döwlet pajy, administratiw jerime, awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygym ýaly tölegleri töläp bilerler.

Degişli döwlet edaralaryna we guramalaryna býujet töleglerini tölemek üçin “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Aşgabat şäherindäki merkezine ýa-da onuň şahamçalaryna barmaly.

“Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň tölegleri nagt we nagt däl görnüşde kabul edýändigini bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň