Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Halkbank” PTB müşderilere söwda edip pul gazanmak mümkinçiligi barada ýatladýar

14:5102.11.2021
0
4859

Türkmenistanyň beýleki banklary bilen bir hatarda «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda hem «Cash back» hyzmaty müşderileriň dykgatyna ýetirilýär. Bu hyzmatyň esasynda bankyň müşderileri ýurduň söwda merkezlerinde ýa-da hyzmat ediş nokatlarynda harytlar we hyzmatlar üçin töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirenlerinde, ähli amallaryň 3%-i «Altyn asyr» bank kartlaryna pul sylagy hökmünde yzyna gaýtarylýar. Bu bolsa nagt däl töleg esasynda hasaplaşyk etmegiň amatly tarapy bolup, söwdanyň we hyzmatyň bahasynyň elýeterli bolmagyna ýardam edýär.

«Cash back» bank hyzmaty haryt üçin geçirilen tölegiň belli bir mukdarynyň kartyň eýesine gaýtarylyp berilmegini göz öňünde tutýar. Bu bolsa öz nobatynda nagt däl töleg arkaly hasaplaşyk etmegi gündelik jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrmak işlerine itergi berýär.

«Halkbank» PTB öz müşderilerine hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegini dowam edýär. Ýadyňyzda bolsa, 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan bank öz müşderileri üçin «Cash back» hyzmatyny ýola goýupdy. Onda müşderiler öz töleg kartlarynyň üsti bilen amala aşyran nagt däl hasaplaşygy üçin tölän serişdesiniň 1,5 göterimini yzyna gaýdyp alýardy. Şol ýylyň iýul aýyndan «Cash back» hyzmatynyň möçberi 2 göterime çenli, dekabr aýyndan bolsa bu hyzmatyň möçberi 3 göterime çenli artdyryldy.

«Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Cash back» hyzmatyndan peýdalanmakda “Altyn asyr” bank kartynyň mümkinçiligini beýleki amatly bolan hyzmatlar bilen utgaşdyrmak şerti hem açylýar. Bu hyzmatdan peýdalanmagyň şertine laýyklykda, degişli pul sylagy her aýyň 25-ine müşderiniň telefon belgisine SMS habary görnüşinde iberilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň