Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlar sürüjilere ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär

19:0414.12.2021
0
1464

Paýtagtymyzda ýerleşýän “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky “Awtoýoly” haryt nyşanyny göterýän söwda we hyzmat ediş nokady halkymyza ýokary hilli hyzmat etmek bilen öz işini üstünlikli dowam etdirýär. Häzirki wagtda paýtagtyň iň bir gelim-gidimli ýeri bolan bu ýerde awtoulaglar üçin zerur bolan hyzmatlaryň uly toplumyndan peýdalanmak bolýar.

Bu söwda we hyzmat ediş nokadynda awtoulag sürüjileriniň satyn alan harytlaryny dakmak hem-de çalşyp bermek üçin köp sanly işler ýerine ýetirilýär. Olaryň hatarynda müşderileriň satyn alan tekerlerini dakyp, balansirowka etmek, tekerleriň razwalyny sazlamak, durkuny ýitiren diskalary göneltmek, ýylyň möwsümlerine görä, tekerleriň ýelini sazlamak, şeýle-de akkumulýatorlary goýmak, berlen kepillik döwründe barlag geçirip, gerekli şertleri üpjün etmek ýaly hyzmatlar bar. Şonuň bilen birlikde, ýaglary, antifrizleri, howa we ýag süzgüçlerini çalşyp bermek hem-de awtoulaglary ýuwmak hyzmatlaryny hem belläp geçmek bolar.

Bu dükanyň ýene-de bir aýratynlygy satyn alnan harytlar we ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleriň nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýändigi bolup durýar. Mundan başga-da, müşderiler üçin “Awtoýoly” kartynyň açylyp, amala aşyrylan söwdalar boýunça ballaryň toplanýandygyny hem-de şol ballar esasynda indiki söwdalardan ýa-da hyzmatlardan amatly peýdalanyp bolýandygyny bellemek zerurdyr.

“Awtoýoly” haryt nyşanly dükanynyň salgysy we telefon belgisi:

Aşgabat şäheri, 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady — “Berkarar” SDAM-nyň ýanyndaky “Awtoýoly” dükany, +99312 46-91-02.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň