Soňky habarlar

Arhiw

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlar ýangyç ulgamyny arassalaýyş hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar

16:5106.12.2021
0
1450

Awtoulaglaryň ýol geçmegi bilen ýangyç garyndysyny ýakma prosesinde ýangyç ulgamynyň forsunkasynda şepbik galyndylar emele gelýär. Beýle hadysa wagtyň geçmegi bilen awtoulagyň bu bölegini hapalaýar, forsunkanyň deşiginiň formasynyň we diametriniň üýtgemegine getirýär. Ýangyç garyndysynyň düzümi üýtgäp, tüssäniň ýerine benzin damjalary çykýar. Şol näsazlyklar hereketlendirijiniň ýerine ýetirijiligine, ýangyjyň sarp edilişine oňaýsyz täsir edýär. Awtoulagyň ýerine ýetirijiligini we uzak ömürliligini üpjün etmek üçin awtoulagyň ýangyç ulgamynyň forsunkasynda arassalaýyş hyzmatyny etdirmegiň ähmiýeti uludyr.

“Awtoýoly” haryt nyşanyny göterýän dükanlaryň serwisleri ýangyç ulgamynyň forsunkasynda arassalaýyş işini geçirmek üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlara eýe bolmak bilen, olaryň edýän şu hili hyzmatlaryndan giňden peýdalanylýar we müşderileriň isleglerini tiz hem-de amatly kanagatlandyrýar. Aslynda, forsunkany arassalamak işini özbaşdak hem ýerine ýetirip bolýar, emma bu forsunkanyň benzin paýlaýjy örtüginiň bitmegini doly derejede arassalamaýar. Hut şonuň üçin-de, forsunkany arassalaýjy enjamyň ýokary hilli işinden peýdalanmak ýerliklidir.

Köp ýyllyk tejribä baý bolan bu dükanlaryň ýurduň ähli sebitlerinde hereket edýän merkezlerinde ýokary hilli forsunka arassalaýjy enjamlary ulanylyp, ol sürüjileriň ulagynyň ýangyç ulgamynyň birnäçe ýyllap arassa saklanmagyna kepil geçýär. Ýokary hilli hyzmatdan peýdalanmak bolsa awtoulagyň umumy guratlygyny saklamakda iň wajyp işleriň biridir.

“Awtoýoly” haryt nyşanly dükanlara şu salgylarda ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat ş., Berkarar SDAM. +99312 46-91-02;

Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi. +99312 75-40-09;

Aşgabat ş., Ankara köçesi. +99312 45-48-16;

Daşoguz welaýaty. Daşoguz ş., Alaýaz köçesi. +993 322 6-19-19;

Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Görogly (Izmir) köçesi. +993 422 2-97-01.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň