Top.Mail.Ru

«Boý Bodron» hususy kärhanasy hyzmatdaşlaryna ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatlary hödürleýär

11:4621.08.2021
0
6097

Farmaseptiki, saglygy goraýyş we ortopediýa önümleriniň lomaý hem bölek söwdasyny ýerine ýetirýän «Boý Bodron» hususy kärhanasy Türkmenistanyň çäklerinde hyzmatdaşlaryna ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatlary hödürleýär. Hyzmatlar lomaý we bölek söwda satuwlary, marketing, wekilçilik, derman serişdeleriniň hasaba alynmagy ýaly ugurlara degişlidir.

«Boý Bodron» hususy kärhanasy tarapyndan lomaý söwda ugry boýunça hususy kärhanalara lomaý satuwlarda, bäsleşik we bäsleşikden daşary ýerlemekde hyzmatlar hödürlenilýär. Bölek söwda işlerinde bolsa hyzmatdaşlara derman serişdeleri, şahsy arassaçylyk we tämizlik serişdeleri, kosmetiki serişdeler, şeýle-de bäbekler üçin niýetlenilen serişdeler we ene-atalar üçin harytlar bilen bagly ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatlar göz öňünde tutulýar.

Marketing ugrunda «Boý Bodron» hususy kärhanasy bazaryň we sarp edijileriň islegleriniň seljerilmesi, harytlaryň bazarda satylyşyny gowulandyrmak, mahabat işleri, marketing aksiýalaryny oýlap tapmak we geçirmek, işewürlik ýygnaklaryny hem tanyşdyrylyş dabaralaryny guramak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Hususy kärhanada hyzmatdaşlygyň wekilçilik hyzmatlaryna kompaniýalaryň gyzyklanmalaryna Türkmenistanyň degişli edaralarynda wekilçilik etmek, hasaba alyş bilen bagly meselelere goldaw bermek, duşuşyklaryň, aksiýalaryň hem çäreleriň guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmek degişlidir.

Derman serişdeleriniň hasaba alynmagyna ýardam bermek hyzmaty bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman serişdelerini we enjamlaryny hasaba alyş we hil gözegçiligi Döwlet gullugyna zerur bolan resminamalary jemlemegi hem-de tabşyrmagy, gaýtadan hasaba almagy we üýtgeşmeleriň girizilmegine ýardam bermegi, kompaniýalarynyň gyzyklanmalaryna bu Döwlet gullugynda wekilçilik etmegi özünde jemleýär.

Häzirki wagtda «Boý Bodron» hususy kärhanasy “Türkmen senet”, “Rompharma SRL”, “Lmp”, “PIEX”, “Medrull”, “SFM, “Incepta Pharmaceuticals”, “Forans One Touch” ýaly kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň