Soňky habarlar

Arhiw

«Täze hyzmat» hususy kärhanasy täze şahamçasyny açdy

09:4710.05.2021
0
13176

«Täze hyzmat» konsalting kompaniýasy ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de müşderileriň has köp sanyna hyzmat etmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýoly, 52 salgysy boýunça Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 1-nji gatynda ýerleşen täze şahamçasyny açdy.

Döwlet baştutanynyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek baradaky başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzda telekeçilik gün-günden ösýär. «Täze Hyzmat» HK hem öz gezeginde kärhanalaryň we firmalaryň işiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen mundan beýlägem öz şahamçalaryny we hyzmatlaryny giňeltmegi maksat edinýär.

Ýatladyp geçsek, ýakyn wagtda kompaniýa Aşgabat şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň binasynda hem şahamçasyny açypdy.

Kompaniýanyň esasy iş ugry — resminamalary toplamak boýunça ilata hyzmat etmek, buhgalterçilik hasabatynda we işewürligi alyp barmakda maslahatlar bemek.

“Täze Hyzmat” hususy kärhanasy size aşakdaky hyzmatlary amatly bahalardan, gysga wagtda, ýokary hilde hödürleýär:

  • Hojalyk jemgyýetini (H.J) we Hususy kärhanany (H.K) hasaba almak şeýle-de gaýtadan bellige almak hyzmatlary;
  • Lisenziýa almak üçin resminamalary toplamak hyzmatlary;
  • Biznes plan düzmek hyzmatlary;
  • Buhgalterçilik hyzmatlary.
  • Konsalting we wekilçilik hyzmatlary;
  • Hojalyk jemgyýetini we hususy kärhanany ýapmak hyzmatlary;
  • Hojalyk jemgyýetiniň we hususy kärhananyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň möhletini uzaltmak hyzmatlary;
  • Telekeçilik patentini açmak hyzmatlary;
  • Telekeçilik patentini ýapmak hyzmatlary;
  • TSTB agzalyk işleri;
  • Hyzmatlary we harytlary sertifikatlaşdyrmak hyzmatlary;
  • Döwletnama almak üçin resminamalary ýygnamak hyzmatlary;
  • Telekeçilik maksatly kredit almak üçin resminamalary ýygnamak hyzmatlary;
  • Marketing hyzmatlary;
  • Ähli Gümrük hyzmatlary;
  • Ähli birža hyzmatlary;
  • Brend we logo döretmek hyzmatlary;
  • Internet tor ulgamlarynda mahabatlandyrmak hyzmatlary.

Kompaniýa öz işinde aýanlyk hem dessinlik syýasatyny ýokary hünär taýýarlyk bilen utgaşdyryp alyp barýar, amatly bahalar bolsa kompaniýanyň hyzmatlaryny sowatly kömege mätäçlere elýeterli edýär.

Goşmaça maglumat almak üçin şu salga basyň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň