Soňky habarlar

Arhiw

“Täze Hyzmat” tarapyndan resminamalary toplamaga kömek etmek hyzmaty hödürlenilýär

11:4429.01.2021
0
10955

 “Täze Hyzmat” hususy kärhanasy resminamalary ýygnamak şeýle-de buhgalteriýa meselelerini çözmek üçin dürli hyzmatlary hödürleýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri, aýry-aýry telekeçileri we telekeçilik kärhanalaryny hasaba almak, gaýtadan hasaba almak we ýatyrmak, emlägi bahalandyrmak we buhgalteriýa hyzmatlary, şeýle hem ygtyýarnama almak we iş meýilnamasyny düzmek üçin resminamalary ýygnamaga kömek edýär.

“Täze Hyzmat” hususy kärhanasynyň hünärmenleri - telekeçilere, hususy we döwlet kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna dürli bugalteriýa, maliýe ýa-da tehniki meseleler boýunça maslahat berýärler. Öz işiňi gurmak üçin tejribeli hünärmenlerden jikme-jik maslahat almak gaty möhümdir. Käbir iş meseleleriniň inçeligi hemmelere tanyş däl  bolup durýar üstesine-de, tejribeli hünärmenleriň hyzmatlary wagty we zähmeti ep-esli tygşytlaýar.

“Täze Hyzmat” öz işinde ýokary hünär ussatlygy bilen bilelikde iň ýokary utgaşyklylygy we netijeliligi saklaýar şeýle-de kompaniýanyň amatly bahalary, tejribeli hyzmatlara mätäç her bir adam üçin elýeterliligi üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň