9-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi.
Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.
UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy I.Makarow ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu ýaryşlara dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar.
Milli Lider Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň olimpiýa hereketini ösdürmäge hem-de sporty wagyz etmäge mynasyp goşandydygyny aýtdy. Hormatly Prezident dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilýändiginiň çuňňur manysynyň bardygyny belledi.
2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem-de 2018-nji ýylda Amul — Hazar halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda şosse welosiped sportuny wagyz etmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek üçin ähli şertler, ilkinji nobatda bolsa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary çekildi.
I.Makarow milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejesinde welosiped sportuny ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň bu ýaryşlary ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, guramaçylyk meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlerde Türkmenistana gelýän ähli türgenlere degişli sanjymlaryň edilmegi babatda ýardam berler.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, Türkmenistan üçin ýubileý ýylynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, welosiped sportuny hem-de ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşaw üçin howpsuz ulag görnüşi hökmünde welosipedi wagyz etmäge ýardam berýän mahabat we düşündiriş işlerine üns güýçlendiriler.
I.Makarow hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli tabşyryklarynyň gysga wagtda ýerine ýetiriljekdigine ynandyryp, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle-de okaň!
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi