Top.Mail.Ru

Latest News

News Archive

Türkmenistan energiýa, daşky gurşaw we halkara gatnaşyklar babatda kanunlary kabul etmäge taýýarlanýar

05:2830.03.2024
0
6669

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berip, Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hem aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň barşynda “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada-da maglumat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, ýurduň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu barada TDH ýazýar.

Comments
To leave a comment, log in or register