Soňky habarlar

Arhiw

Çžou Lýan, Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentligi

21:0213.02.2017
0
3522

— Biz eýýäm üç-dört günden bäri Türkmenistanda. Öonuň üçin hem ýurtda geçirilen Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi bilen hem tanyşmak nesip etdi. Saýlaw güni bolsa tutuş ýurtda baýramçylyk şowhunynyň höküm sürýändigine şaýat bolduk. Dürli döwletlerden gelen kärdeşlerimiz bilen Aşgabadyň saýlaw uçastoklarynyň birnäçesine baryp gördük. Uçastoklaryň ählisi toýy ýadyňa salýar. Aýdym aýdýan, tans edýän ýaşlar saýlawlar gününiň şatlygyny artdyrýar.

Ýurduň raýatlarynyň Prezident saýlawlaryna işjeň gatnaşyşy hem ünsümizi çekdi. Gözümiziň alnynda ilkinji gezek saýlawa gatnaşýan ýaşlara hem-de ýaşuly saýlawçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bu gün Türkmenistan dünýäde durnukly ösýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Munuň sebäbiniň halkyň agzybirligindedigine şu gezekki saparymyzda hem şaýat bolduk. Bize saýlawlaryň geçirilişine şaýat bolmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygymyzyň çägi ýok.

«Sinhua» habarlar agentligi öz sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna uly orun berdi. Dünýäniň çar künjünden bolan okyjylarymyz saýlawlardan birnäçe gün öň, saýlawlar güni we ondan soň täzelikler bilen tanşyp durdy. Bize işlemäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna sagbolsunymyzy aýdýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň