Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady

10:2125.05.2024
0
12273

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa her ýylyň 25-nji maýynda ýurtda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle belleýär:

"Çuňňur hormatlanylýan

Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, paýtagtymyzy we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenip, günsaýyn özgerýär. Kanun esasynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolan hem-de Merkezi Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň ähli gözellikleri, ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp seýilgähleridir suw çüwdürimleri, kaşaň köşkleri, myhmanhanalary gözüňi dokundyryp, kalbyňy güneş kimin çoýýar, göwnüňi galkyndyryp, ruhuňy göterýär. Ady dillerde aýdyma öwrülen ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostlugyň hem myhmansöýerligiň asylly däplerini aýawly saklaýan şäher hökmünde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny äleme buşlaýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Paýtagtymyz Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da dabaralandyrdy. Siziň baştutanlygyňyzda her bir güni toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän, paýtagtymyzyň gözelligini, binagärlik taýdan döwrebaplygyny şöhlelendirýän dabaralar, sergiler, dürli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň mekdeplerinde guralýan «Soňky jaň» dabaralary bilen utgaşýar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň alamatydyr. Munuň özi paýtagtymyza, ýaşlarymyza, Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Täze taryhy döwrümizde dünýäniň dost-doganlyk, jahankeşdelik ýollary jennet ýurdumyz Türkmenistana, şonuň bilen birlikde, Aşgabada tarap gönükýär. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz dürli çäreleriň, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olara dünýäniň onlarça ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, wekiller, syýasatçylar, iri kompaniýalaryň, firmalaryň ýolbaşçylary we beýleki işewürler işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi soňky ýyllarda dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistana, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň, Aşgabada tarap täze ýollaryň açylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Arkadagly

Gahryman Serdarymyz!

Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, şeýle-de Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi dürli syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde, şonuň ýaly-da, şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gözel paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmündäki abraýy-da barha artýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazyň, rowaçlygyň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabady we eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de nusgalyk derejede gülledip ösdürmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň