Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 106,5 göterim üpjün edildi

14:3206.02.2016
0
7592

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji fewralyndaky mejlisinde döwlet Baştutanyna şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berildi. 2015-nji ýylyň esasy görkezijileriniň jemleri jemlenildi. Geçirilen makroykdysady seljermeleriň netijelerine laýyklykda, geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 106,5 göterim üpjün edildi. Şol sanda senagat pudagynda 103,1 göterim, gurluşykda 108,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 109,8 göterim,  söwdada 110,4 göterim, oba hojalygynda 107,9 göterim hem-de hyzmatlar ulgamynda 109,8 göterim ösüş gazanyldy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,8 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işleriniň netijeleri hakyndaky maglumatlara laýyklykda, öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,4 göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 17,5 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy.

Wise-premýer ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji böleginiň 100,2 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 88,2 göterim derejesinde bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, durmuş maksatly desgalaryň 111-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň

23-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we inženerçilik-tehniki ulgamyň desgalarynyň gurluşygy amala aşyryldy. Özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 156,9 million manada deň boldy.

Welaýatlaryň senagat pudagynyň esasy ösüş ugurlaryna laýyklykda häzirki döwürde 183 desga guruldy we 135-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň