Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

0
494
0
0

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýyna we käbir düzümleriň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Welavat häkimleriniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hasabatlarynda ýerlerde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, ekerançylyk meýdanlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topraga ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barmak  boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýdyldy.  Şeýle hem ol welaýatlaryň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutany welaýatlarda oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, ýerlerde suw, dökün we tohumlar bilen üpjünçilik işleriniň gowulandyrylmalydygyny tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň türkmen paýtagtyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew ýurduň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak boýunça degişli düzümleriň işlerini güýçlendirmek babatda milletiň Lideriniň ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Iş maslahatynda  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň başga-da birnäçesiniň hasabatlary diňlenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru