Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy

0
538
1
0

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gonkongdan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Latwiýadan gelen işewürler  tehniki ýody, “B” belgili karbamidi (“Türkmenhimiýa DK”) we polipropilen haltalaryny satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna bugdaý ununy, nah ýüplügi, pagta-süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million 854 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine ABŞ-dan, Türkiýeden, Slowakiýadan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 954 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 894 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy we polimer granulýanty (TNGIZT) satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru