Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gämi obasynda geçirilen ýas çäresine gatnaşdy

09:3619.01.2016
0
1470

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyna baryp, ýakynda dünýäden öten  Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýewiň belli güni bolan ýedisi bilen baglanyşykly ýas dessuryna gatnaşdy.

Milletiň Lideri Myratberdi aganyň ömrüni halal zähmete bagyşlap, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleri bitirendigini, bu babatda ýaş hünärmenlere yzygiderli kömek-goldaw, degerli maslahatlar berendigini ýatlady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Myratberdi aganyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda aýdan nesihatlary, onuň baý iş tejribesi häzirki döwürde özüniň oňyn netijesini berýär. Döwlet Baştutany tejribeli daýhan Myratberdi aga baradaky ýagşy ýatlamalaryny aýdyp, merhumyň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny  dileg etdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy, soňra ýas dessuryna gatnaşyjylara tagam çekildi.

Duz-tagam dadylandan soň, aýat-töwir okaldy.

Döwlet Baştutany  ýurdumyzda iň hormatlanylýan ýaşulularyň birini  hatyralamak bilen, onuň bitiren hyzmatlarynyň, ýagty ýadygärliginiň halkyň hakydasynda hemişe saklanjakdygyny nygtady.

Soňra milletiň  Lideri  Myratberdi  aganyň ýakyn garyndaşlaryna hemaýat beriji sözleri aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Myratberdi aganyň manyly ömrüni halal zähmete bagyşlandygyny aýdyp, onuň ýurdumyzda mynasyp hormata, uly abraýa eýe bolandygyny, türkmen obasynyň keşbini özgertmäge, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge goşant goşmakda  ägirt uly işleri bitirendigini belledi.

Soňra döwlet Baştutany  bu ýerden ugrady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň