Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden ÇYKYŞY (Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary)

0
956
1
0

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyp, berkarar Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak indi asylly däbe öwrüldi. Biz şu däbimize eýerip, täze – 2016-njy ýylyň başynda siziň bilen ýene-de duşuşýarys.

Hormatly deputatlar!

Şu günki duşuşygymyzyň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2015-nji ýylda hem ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly işländigini, kanun çykaryjylyk boýunça köp işleri bitirendigini bellemek isleýärin.

Mejlis kanun çykaryjylyk işini çaltlandyrmak bilen birlikde ýerlerde, saýlaw okruglarynda deputatlar tarapyndan geçirilýän işleriň gerimini hem yzygiderli giňeldýär. Ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen bagly möhüm işleri alyp barýar. Bu bolsa özüniň oňat netijelerini hem berýär. Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmeli.

Häzirki döwürde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek bilen bir hatarda, «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, Mejlisiň deputatlary bu ugurda geçirilýän işleri şu ýyl tamamlamak üçin zerur çäreleri görmeli. Şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adam söwdasyna garşy göreş babatda milli kanunçylyga zerur bolan üýtgetmeleri girizmeli.

Dünýäde terrorçylykly hereketleriň güýçlenmegi döwletleriň milli howpsuzlygyna, çäk bütewiligine, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlygyna aýratyn howp salýar. Häzirki döwürde dünýäde dini oňşuksyzlyk, din bilen bagly ýaragly çaknyşyklar, milli we dinara garşylyklaryň ýitileşmegi netijesinde bu mesele aýratyn üns berilmegini talap edýär. Dünýäde emele gelen howply ýagdaýlary göz öňünde tutup, milli kanunçylyga seljerme işlerini geçirmeli we oňa şeýle ýaramaz ýagdaýlara garşy gönükdirilen degişli üýtgetmeleri girizmeli. Bu ugurda «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Hormatly deputatlar!

Hukuk goraýjy edaralarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmeli. Häzirki döwürde Adalat ministrliginiň işini kämilleşdirmek, hukuk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek boýunça netijeli işleri    amala aşyrmaly. Şu maksatlardan ugur alyp, ýurdumyzda adalat ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kanunyň kabul edilmegi bu wezipeleri durmuşa geçirmäge amatly şertleri döreder diýip pikir edýärin.

Hormatly deputatlar!

Türkmenistanyň dünýä bileleşigine doly goşulmagy, halkara taslamalaryna işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň milli kanunçylygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmegi talap edýär. Şu maksat bilen, milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara topary bilen degişli işleri geçirmeli we anyk teklipleri bermeli. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we Oba Milli maksatnamasynyň çäklerinde hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Adamlaryň saglygyny goramak, olar üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek, ilaty oňat hilli, howpsuz derman serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, şu ýyl «Derman üpjünçiligi hakyndaky» Kanunyň täze taslamasy taýýarlansa, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Şeýle hem geljegimiz bolan ýaş nesli sagdyn ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Şu wezipeden ugur alyp, «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem-de wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky» Kanunyň täze taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, «Adamyň immun ýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakyndaky» Kanunyň täze taslamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, şu ýyl Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek we olary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň garamagyna hödürlemek hem göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir maşgalanyň maddy üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan işlerini hukuk taýdan berkitmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Maşgala kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek möhümdir. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine üýtgetmeler girizmek baradaky Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlansa, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Hormatly deputatlar!

Ýurdumyzda ekologiýany gorap saklamak, ilatyň suw serişdelerine bolan isleglerini  doly  kanagatlandyrmak, suwy hapalanmakdan we azalmakdan goramak hem häzirki döwrüň möhüm meselesidir. Şoňa görä-de, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy we goramagy guramaçylyk, hukuk we ykdysady taýdan düzgünleşdirýän Suw kodeksi şu günki günüň talaplaryna laýyklykda täzeden kabul edilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Häzirki döwürde howany arassa saklamak hem dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan derwaýys meseleleriň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, arassa howany goramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Atmosferanyň howasyny goramak hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmeli.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler oba hojalyk pudagyny hem giňden gurşap aldy. Şunuň bilen baglylykda, telekeçileri oba hojalyk önümçiligine giňden çekmek, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, azyk howpsuzlygyny berkitmek, ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek möhüm wezipelerdir. Şoňa görä-de, «Ösümlikleri goramak hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak hem zerur bolup durýar.

Milli kanunçylykda ýerli häkimiýet edaralaryna örän giň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Muňa garamazdan, geçirilýän konstitusion özgertmelere laýyklykda bu edaralaryň ygtyýarlyklaryna täzeden seredilse, maksadalaýyk bolardy. Şu nukdaýnazardan, halk maslahatlarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny has-da giňeltmek boýunça hem zerur işleri geçirmeli.

Amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, Geňeşleriň ygtyýarlyklaryna aýratyn üns bermeli. Sebäbi, Geňeşler ýerlerde ilat bilen örän ýakyn aragatnaşykda bolýarlar. Raýatlarymyzyň gündelik zerurlyklary bilen bagly yzygiderli iş alyp barýarlar. Bu işleri kämilleşdirmek üçin bolsa Geňeşleriň ygtyýarlyklaryny giňeltmeli.

Biz ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly örän köp desgalary we ýollary gurýarys. Bu desgalary dolandyrmak, olara eýelik etmek ýerli häkimiýet edaralarynyň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem şol edaralaryň bu ugurdaky ygtyýarlyklary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda giňden beýan edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Bu işler alnyp barlanda halkara tejribesini göz öňünde tutmaly. Şeýle hem ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly tejribesinden ýerlikli peýdalanmaly. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmäge aýratyn üns bermeli.

Şeýle hem gurluşyk babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, binagärlik işinde ýüze  çykýan  gatnaşyklaryň  hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemäge gönükdirilen kanunlary taýýarlamak möhüm wezipedir.

Hormatly deputatlar!

Biz bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma esaslanýan ykdysady syýasaty alyp barýarys. Daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply harytlaryň önümçiligini ýola goýmaga, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmäge uly üns berýäris. Şoňa görä-de, bu gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kabul etmek zerur bolup durýar. Dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ykdysady we maliýe ýagdaýlarynyň milli ykdysadyýetimize edýän täsirini azaltmak, ykdysadyýeti döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek hem örän möhüm meseledir.

Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljerip we kämilleşdirip durmaly. Döwlet serişdelerini rejeli peýdalanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmeli. Ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileri goldamak, goşmaça iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm ugurlarda hem milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmek, örän uly ähmiýetli, iri halkara sport çäresini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek we bu Oýunlary wagyz etmek we mahabatlandyrmak hem möhüm wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, «Meýletinçiler hakyndaky» hem-de «Mahabat hakyndaky» täze Kanunlary kabul etmek zerur diýip hasap edýärin.

Hormatly deputatlar!

«Elektron resminama hakyndaky» Kanunyň hereket edýändigine garamazdan, häzirki döwürde bu ugurdaky kanunçylygy has-da kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Şu wezipeden ugur alyp, «Elektron resminamalar we elektron resminamalaryň dolanyşygy hakyndaky» täze Kanun kabul edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Siziň bilşiňiz ýaly, biz 2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip yglan etdik. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etmeli. Şu maksat bilen, medeni gymmatlyklary goramak boýunça gatnaşyklary düzgünleşdirýän, halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakyndaky» täze Kanunyň taslamasy, şeýle hem «Kinematografiýa işi hakyndaky» Kanunyň taslamasy taýýarlansa we kabul edilse, maksadalaýyk bolardy.

Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwlet hökmünde tanalýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda tutýan orny, daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda geçirilýän çärelere, halkara guramalarynyň işine gatnaşmagy bilen bagly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylygyny kämilleşdirmegi talap edýär.

Hormatly deputatlar!

Şu ýerde Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge uly ähmiýet berýändigimize siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Siziň daşary syýasat babatdaky esasy wezipeleriňiz Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny goldamakdan we wagyz etmekden ybaratdyr.

Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary hereket edýän kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň üstüne jogapkärli wezipeler ýüklenýär. Konsullyk edaralarynyň netijeli işlemegi hem döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge köp derejede ýardam edýär. Şoňa görä-de, «Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hakyndaky», şeýle hem «Konsullyk gullugy hakyndaky» Kanunlary Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly.

Diplomatik gullugyň möhüm ugurlarynyň biri hem protokol işi bolup durýar. Şoňa görä-de, diplomatik işde toplanan tejribäni peýdalanyp we dünýä standartlaryna laýyklykda bu wezipäni amala aşyrmak üçin zerur bolan goşmaça hukuk esaslaryny döretmeli. Şu maksat bilen, «Döwlet protokoly hakyndaky» Kanunyň üstünde işlemegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle hem ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmek bilen bagly işleri üstünlikli dowam etmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen döreden parlamentara dostluk toparlarynyň sanyny artdyrmaly we parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaly. Ýurdumyzyň Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürmeli.

Hormatly deputatlar!

Görşüňiz ýaly, öňde uly we jogapkärli wezipeler durýar. Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylajakdygyňyza, eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn!

Men size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin! 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru