Soňky habarlar

Arhiw

2016-njy ýylda aspirantura we doktorantura kabul ediljek dalaşgärleriň sany tassyklanyldy

16:0209.01.2016
0
7152

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda  öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen:

2016-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň we doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany;

2016-njy ýylda kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň