Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

0
428
0
0

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de ýokary wezipeli işgärleri bilen duşuşyklar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Bitaraplygyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralary, şol sanda uly halkara maslahatyny geçirmek bilen baglanyşykly we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutany hökümet agzalaryny we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny Bitaraplyk güni bilen gutlap, Watanymyzyň şu halkara – hukuk derejesine sebitde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejesinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we çözmegiň möhüm guraly hökmünde garalýandygyny nygtady. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary diňe bir sebitiň çäklerinde däl, eýsem, dünýä möçberinde özara gatnaşyklary giňeltmek, dostlugy, doganlygy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şertleri döredýär diýip, milletiň Lideri aýtdy. Bu meseleleriň ählisine 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara maslahatynyň barşynda jikme-jik garalar.

Milletiň Lideri forumyň häzirkizaman dünýäsinde bitaraplyk derejesiniň barha artýan ähmiýetine hem-de ornuna düşünmäge, hususan-da, özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny bütin adamzadyň ösüşiniň bähbidine ulanýan Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge ýardam etjekdigini belläp, bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň strategiki wezipelerini çözmekde binýatlaýyn esas bolup durýandygyny nygtady.

Bitaraplyk gününde daşary ýurtly wekilleriň ählihalk baýramçylygynyň buýsanjyny we şatlygyny biziň bilen paýlaşmak üçin toý  dabaralaryna gatnaşmagy, ýurdumyza gelen myhmanlaryň giň wekilçiligi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ähmiýetli ornunyň hem-de onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşandynyň ýene-de bir ykrarnamasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Geçen 20 ýylyň ähli möhüm wakalary bu ýoluň dogrudygyny tassyklady hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň, şeýle hem ösen döwletleriň hataryna okgunly goşulyşmagynyň möhüm şertine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, baýramçylyk günleriniň çäreleri we beýleki wakalar, ilkinji nobatda bolsa, halkara derejesindäki wakalar baradaky hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda pudaklaryň ençemesi boýunça gazanylan ajaýyp önümçilik üstünlikleri barada hem habar berildi. Bu üstünlikler giňden bellenilýän Bitaraplyk gününe zähmet sowgatlary boldy.

Häzirki wagtda döwlet işgärleriniň hem-de halkara bilermenleriniň köpüsi ýurdumyzda toplanan örän möhüm hem-de ähmiýetli tejribäniň sebitiň ýurtlary tarapyndan, şeýle hem onuň çäklerinden daşda içgin öwrenmäge mynasyp hasaplaýarlar diýip, milletiň lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine şu günlerde Türkmenistanda bolýan ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlary ykdysady we durmuş ösüşiniň ähli ulgamlarynda gazanýan üstünliklerimiz bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri döretmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, ýurdumyzda bolýan mahaly olar üçin ähli oňaýly şertleri döretmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Bu gün biz onlarça ýurduň, abraýly halkara guramalarynyň wekillerini, alymlary, syýasatşynaslary, žurnalistleri kabul edýäris. Olaryň türkmen topragynda amala aşyrylýan özgertmelere seslenmesi hem-de gyzyklanmasy dünýä giňişliginde ýurdumyza, biziň ýöredýän bitarap daşary syýasatymyza uly sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Biz baýramçylyk dabaralaryna diňe bir 20 ýylyň dowamynda geçilen ýoluň netijelerini jemlemek hökmünde däl, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde täze tapgyryň başlanmagy, bitaraplyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagy hökmünde garaýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biz dürli ýurtlardan köp sanly wekiliýetleri myhman almak bilen,  olary ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikdäki netijeli işe meýilli pikirdeşler hasaplaýarys. Munuň özi biziň häzirki hem-de geljekki bilelikdäki işimiziň üstünliginiň girewi bolup durýar. Biziň öňümizde uly işler, has giň möçberli wezipeler we beýik maksatlar durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda aýtdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru