Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işläp başlady

0
525
5
0

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Wýetnam  Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fam Suan Sondan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Wýetnamyň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň  ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Diplomat özüniň parahatçylyk söýüjilik syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary bilen halkara abraýyna eýe  bolan Türkmenistanda öz ýurdunyň ilçisi bolmagy uly hormat hasaplaýandygyny nygtady we iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wýetnamyň Prezidenti Çyong Tan Şangyň arasynda şu ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda, Birleşen  Milletler  Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykda bu gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmana Türkmenistanyň içeri syýasat ugrunyň we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, şeýle hem iri möçberli taslamalar, şol sanda türkmenistanlylaryň,  sebitiň ähli halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen transmilli taslamalar barada gürrüň berildi.

Türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, onuň dünýäniň ykdysady we maglumat giňişligine  üstünlikli goşulyşmagyna, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam edýän ylym we bilim ulgamyndaky özgertmeler barada aýratyn durlup geçildi.

Wýetnamyň ilçisi şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi, halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlar, şeýle hem sport we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

***

Şu gün wýetnamly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde häzirki döwrüň talaplaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän türkmen-wýetnam gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru