Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Bitarap Türkmenistan giň hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, döwletara derejesinde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýär.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şol sanda ählumumy forumlarynyň birnäçesine gatnaşmak maksady bilen amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýanwar-noýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi arkaly Türkmenistana daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň 504-si geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 853-si daşary ýurtlara iberildi. Hasabat döwründe daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guralan dürli çäreleriň 250-si geçirildi. Şeýle hem geçen 11 aýyň dowamynda halkara resminamalaryň 208-sine gol çekilendigi habar berildi.
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen geňeşmeleriň 42-si hem-de hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 20-si geçirildi, olaryň işi Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabaralar hem üstünlikli amala aşyrylýar. Şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly mowzuklaýyn makalalar çap edildi hem-de tele we radiogepleşikler taýýarlanyldy. Umuman, 11 aýyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň 472-si geçirildi.