Daşoguz welaýatynda täze şaly arassalaýjy döwrebap kärhana ulanmaga berildi

03:4203.12.2015
0
3224

2-nji dekabrda Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň M.Hojamamedow daýhan birleşiginde şaly arassalaýjy döwrebap kärhana ulanmaga berildi. Ol Türkmenistanyň sarp edijilerine ýokary hilli önümiň ýylda 30 müň tonnasyny ibermäge ukyplydyr. Şeýle kuwwatlyk demirgazyk welaýatda ösdürilip ýetişdirilýän şalynyň agramly bölegini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.

Täze kärhananyň eýeleýän umumy meýdany  5 gektardan hem gowrakdyr. Ol ösdürilip ýetişdirilen hasyly saklamak, arassalamak we tüwi öndürmek,  şeýle hem welaýatyň şaly ýetişdirýän hojalyklary üçin ýokary hilli tohum öndürýän tutuş bir toplum bolup durýar. Mysal üçin, bu ýerde gurlan tohumlyk  tüwini arassalaýan bölümiň kuwwaty bir sagatda 10—12 tonna barabardyr. Toplumyň tutuş önümçiligi döwrebap tehnologik işlere esaslanýar, bu bolsa sarp ediş bazarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümi öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhananyň önümçilik bölüminde belli “Satake” ýapon firmasynyň ýokary öndürijilikli enjamlary oturdyldy.

Şeýle hem kärhananyň düzümine bir wagtyň özünde her biri tüwiniň 5 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen elewatorlaryň 6-sy, gaplanan taýýar önümleri saklamak üçin sygymlylygy 2 müň tonna bolan ammar, meýdanlardan getirilýän hasyly kabul ediş bölümi, önümiň hilini barlamak üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana girýär. Toplum özbaşdak ýylylyk, energiýa we suw üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi, bu ýerde hasylyň kabul edilmegi hem-de taýýar önümiň awtomobil we demir ýol ulaglary bilen iberilmegi göz öňünde tutuldy. Iki gatly dolandyryş binasynda we önümçilik jaýynda zähmetkeşler üçin şertler göz öňünde tutuldy, şol sanda naharhana, suwa düşülýän otag, durmuş hyzmaty  otaglary guruldy. Kärhananyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň