AFK iň gowulary yglan etdi

12:5330.11.2015
0
3308

Düýn, 29-njy dekabrda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde Aziýanyň futbol Konfederasiýasy ýylyň iň gowularynyň sylaglanyş dabarasyny geçirdi. Dabarada «Aziýa boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy»  ada Birleşen Arap Emirliklerinden Ahmed Halil mynasyp boldy. Şu ýylyň ýanwarynda geçirilen Aziýa Kubogynyň ýeňijisi Awstraliýanyň futbol ýygyndysy bolsa ýylyň iň gowy topary diýlip yglan edildi.

2015-nji ýylyň netijeleri boýunça AFK-nyň baýraklaryna mynasyp bolanlar:

Ýylyň milli Assosiasiýasy:

Iň gowusy — Ýaponiýanyň futbol Assosiasiýasy

Örän gowy ösüşde — Gonkongyň futbol Assosiasiýasy

Yzygiderli ösüşde — Bangladeşiň futbol Federasiýasy.

Aziýanyň umydy — Ýaponiýanyň futbol Assosiasiýasy, Wýetnamyň futbol Federasiýasy.

Ýylyň iň gowy milli ýygyndysy:

Erkekleriň arasynda — Awstraliýanyň milli ýygyndysy;

Zenanlaryň arasynda — Ýaponiýanyň milli ýygyndysy.

Ýylyň iň gowy tälimçisi:

Erkekleriň futbolynda — Anž Postekoglu (Awstraliýa)

Zenanlaryň futbolynda — Asako Takakura (Ýaponiýa)

Aziýanyň iň gowy oýunçysy — Ahmed Halil (BAE)

Futboly köpçülikleýin ösdürmekde goşan goşandy üçin AFK-nyň Prezidentiniň ýörite baýragyna mynasyp bolanlar:

Iň gowusy — Ýaponiýa;

Örän gowy ösüşde — Wýetnam

Yzygiderli ösüşde — Bruneý adalary

Fair Play baýragyna mynasyp bolan — Ýaponiýanyň futbol Assosiasiýasy.

Ýylyň iň gowy kluby — «Guançžou Ewergrand» (Hytaý)

Iň gowy futzalçy — Wahid Şamsai (Eýran)

Iň gowy futzal topary — «Tasisat Darýai» (Eýran)

Iň gowy ýaş futbolçy (erkekler) — Dostonbek Hamdamow (Özbegistan)

Iň gowy ýaş futbolçy (zenanlar) — Rikako Kobaýaşi (Ýaponiýa)

Aziýa yklymynda çykyş edýän iň gowy legioner — Rikardo Goulart Pereýra (Braziliýa)

Başga yklymda çykyş edýän iň gowy aziýaly futbolçy— Son Hýun Min (Günorta Koreýa)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň