Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilaty sement bilen elýeter bahadan üpjün edilýär

17:0628.11.2015
0
2981

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ilaty elýeterli bahadan sement bilen üpjün etmek, bu önümiň ýurtda öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Balkan we Lebap sement zawodlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerini özümizde öndürilen sement bilen üpjün etmek wezipesi çözüldi. şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň sement zawodlarynda 3 million 254 müň 490 tonna sement öndürildi we ýyllyk meýilnama doly ýerine ýetirildi. Ilatyň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan sement satmak üçin jemi 35 söwda dükany açyldy, olarda 1 tonna üçin bellenilen 175 manat bahadan häzirki güne çenli 206 müň 568 tonna sement ýerlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň welaýatlardaky söwda kärhanalarynyň we guramalarynyň üsti bilen ilata 31 müň 539 tonna sement satyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamanyň çäklerinde gurluşygyň depginleriniň gurluşyk serişdeleriniň hiline we möçberlerine gönüden-göni baglydygyny, olaryň iň ýokary talaplara we häzirki döwrüň ölçeglerine laýyk gelmelidigini belledi. şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri importyň ornuny tutýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak, şol sanda sement önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belläp, bu işlere telekeçilik düzümlerini hem işjeň çekmek babatynda degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň