Soňky habarlar

Arhiw

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermäge taýýarlyk görülýär

17:0128.11.2015
0
3672

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew milletiň Liderine dekabr aýynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak dabarasyna, şeýle hem “Galkynyş” gaz känini abadanlaşdyrmagyň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Degişli guramaçylyk meselelerini çözmek maksady bilen iş toparynyň döredilendigi bellenildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagynyň taryhy ähmiýetini nygtap, bu iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýolunda ýene-de bir anyk ädim boljakdygyny belledi. TOPH gaz geçirijisi hakyky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň köprüsine öwrülmelidir. Şu gaz geçiriji boýunça tebigy gaz Günorta—Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberiler. Döwlet Baştutanymyz energetika ulgamyndaky täze halkara taslamasyna badalga bermek dabarasyna ykjam taýýarlyk görmek hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň