Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalary çykarylar

0
722
10
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň býujet kanunçylygyna hem-de ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň dolanyşygynda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyga laýyklykda 2016-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan kesgitlenen möçberde Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny çykarmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, obligasiýalary goýbermegiň, ýerlemegiň we üzlüşmegiň meseleleri boýunça degişli hukuknamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Wise-premýer hasabatyň çäklerinde ýurtda öndürilýän, daşary ýurtlara iberilýän önümi güwälendirmegi kadalaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada habar berdi. “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän önüm, Türkmenistandan eksport edilýän ýa-da getirilýän önüm bellenilen tertipde güwälendirilmäge degişlidir.

Döwlet Baştutanynyň eksporta iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümler bilen bilelikde bu ugurdaky işi kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen işleriň netijeleri boýunça daşary ýurtlara eksport edilende laýyklyk güwänamasy alynmaga degişli önümleriň sanawyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklamak, bu ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namasyna üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, býujete serişdeleri çekmek, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin maýa serişdeleriniň gelmegini gazanmak üçin gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz munuň maliýeleşdirmegiň çeşmelerini giňeltmäge ýardam berjekdigini hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy gurallaryň biri bolup hyzmat etjekdigini aýtdy. Şeýle hem aýdylan teklipleri ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru